- gyzylýaýyrt
- Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.Meselem gyzylýaýyrt - gyzylýaýyrdy.◊ gyzylýaýyrt bolmak — Çympytrak bolup çaşyp ýatmak, ýaýrap ýatmak.∙ Hemmesini atdan agdardy, gyzylýaýyrt etdi. («Görogly» eposy)∙ Dumly-duş gök otlar bilen bezelip, gülälekler gyzylýaýyrt bolupdyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.